Nowak Jokowiç Parižde geçirilen «Mastersiň» ýeňijisi boldy

08.11.2021, 12:063,855

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew baýrak gaznasy 2,6 mln ýewro bolan Parižde geçirilen “Masters” tapgyrynyň finalynda serbiýaly Nowak Jokowiçden utuldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Dünýäniň ilkinji raketkasy Jokowiç 4:6, 6:3, 6:3 hasap bilen Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň sanawynda (ATP) ikinji orny eýeleýän Medwedewden güýçli boldy. Oýun 2 sagat 15 minut dowam etdi.

Tennisçileriň şahsy duşuşyklarynyň hasaby Jokowiçiň peýdasyna 6-4 boldy. Geçen ýyl Parižde geçirilen “Mastersiň” ýeňijisi Medwedew sentýabr aýynda ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň finalynda Jokowiçi utdy.

Jokowiç üçin bu şu ýylda bäşinji ATP tituly boldy. Serbiýaly tennisçi karýerasynda 6-njy gezek Pariždäki “Mastersde” ýeňiş gazandy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.