Britaniýa Omicron ştammyna garşy COVID-sanjymyny tassyklady

05.12.2021, 16:437,457

Beýik Britaniýada Derman serişdelerini we lukmançylyk harytlaryny düzgünleşdiriji agentlik (MHRA) monoklonal antibedenjikleriň esasynda koronawirusa garşy Sotrowimab derman serişdesini tassyklady. Bu barada onuň metbugat gullugy habar berýär. Muny Day.Az ýetirýär.

“COVID-19-a garşy ýene bir bejergi Xevudy (Sotrovimab) agyr keseliň güýçlenmek howpuna ýakyn bolan, COVID-19 keseliniň ýeňil we orta görnüşi bolan adamlarda hassahana düşmek we ölüm howpuny azaltmakda howpsuz hem-de täsirli diýlip kesgitlenenden soň, MHRA tarapyndan tassyklandy” – diýlip, habarda görkezilýär.

Kliniki synaglaryň netijesine görä, derman serişdesiniň bir dozasy simptomatik ýokançlyklary bolan uly ýaşly adamlarda hassahana düşmek we ölüm howpuny 79% azaldýar.
MHRA derman serişdesiniň Omicron-a garşy täsirlidigi ýa-da ýokdugy barada aýtmagyň heniz irdigini belleýär. Şol bir wagtyň özünde işläp taýýarlaýjy kompaniýalaryň biri bolan GSK derman serişdesiniň täze ştamma garşy täsirli bolup biljekdigini aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.