Çagaka süýji az iýen adamlarda ulalanda bagyr düwnük howpy 69% peseldi

Düýn, 13:331,984

Enäniň göwrelilik döwründe we çaganyň ömrüniň ilkinji iki ýylynda şekeri az sarp etmek onlarça ýyl geçenden soň rak keseliniň käbir görnüşleriniň döremek howpuny azaldyp, biologik garramany haýalladýar. Şeýle karara gelmäge Beýik Britaniýada uruşdan soňky azyk çäklendirmeleriniň ýatyrylmagynyň täsirlerini öwrenen alymlaryň barlagy sebäp boldy. Barlagyň netijeleri PNAS ylmy žurnalynda çap edildi.

Ikinji jahan urşundan soň Beýik Britaniýada şeker azyk talony arkaly paýlanýardy. 1953-nji ýylyň sentýabr aýynda bu çäklendirme ýatyryldy we şekeriň sarp edilişi iki essä golaý artdy. Netijede, birnäçe aý tapawutly dünýä inen çagalar hem ömrüniň ilkinji ýyllarynda şekeri dürli möçberde sarp etdiler.

Barlagçylar 1951–1956-njy ýyllarda doglan 64 müňden gowrak britaniýalynyň maglumatlaryny öwrendiler. Olar adam ömrüniň ilkinji 1000 gününe — enäniň göwresindäki pursadyndan tä iki ýaşyna çenli bolan aralyga üns berdiler. Sebäbi edil şol döwürde synalar, bedeniň alyş-çalşygy (metabolizm) we immunitet ulgamy işjeň ösýär.

Bu döwürde adam näçe köp şeker çäklendirmesi şertlerinde bolan bolsa, soňluk bilen rаk keseliniň bäş görnüşiniň — göwüs, prostata, bagyr, göni içege we öýken ragynyň döremek howpy şonça-da pes boldy. Iň göz-görtele tapawut bagyr ragynda ýüze çykaryldy: munda keseliň ýüze çykma ýygylygy, takmynan, 69% peseldi. Göwüs ragy üçin bolsa bu görkeziji 36% azaldy.

Çagalykda şekeri az sarp edenleriň telomerleri hem has uzyn boldy. Barlagçylaryň çaklamagyna görä, bu tapawut biologik garramanyň, takmynan, 2,2 ýyl haýallamagy bilen deňdir.

Mundan başga-da, olar 50 ýaşlarynda hem şekeri we kaloriýany az sarp etmegi dowam etdirdiler, olaryň iýmit düzümi bolsa has köpdürli boldy.

Awtorlar bu netijeleriň çagalara şekeri bütinleý gadagan etmegi aňlatmaýandygyny belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, çaganyň ilkinji ýyllaryndaky iýmitlenişindäki sähelçe çäklendirmeleriň hem onlarça ýyldan soňky saglyk ýagdaýyna gös-göni täsir etmegi mümkin.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.