Angliýada her ýyl giňden ýaýran HER2 pes položitel görnüşli göwüs rak keselinden ejir çekýän, takmynan, 1000 aýal «Enhertu» dermanyny Milli saglygy goraýyş gullugynyň (NHS) hasabyna alyp biler. Bu karar hökümetiň dermany öndürijiler — AstraZeneca we Daiichi Sankyo kompaniýalary bilen onuň bahasy boýunça geçiren gepleşiklerinden soň kabul edildi diýip, The Guardian neşiri habar berýär.
Täze täjirçilik ylalaşygy boýunça kesgitlenen baha aýan edilmedi. Emma öň «Enhertu» dermanynyň 100 mg-lik bir gutusynyň bahasy, takmynan, 1455 funt sterling töweregidi. Şeýlelikde, bir näsagyň bejerginiň doly tapgyryny geçmegi üçin, ortaça, 117 857 funt sterling çykýardy.

Kliniki synaglar «Enhertu» dermanynyň, adaty himiýa bejergisi bilen deňeşdirilende, keseliň ilerlemezden dowam edýän ortaça döwrüni tas iki esse — 5,1 aýdan 9,9 aýa çenli artdyrýandygyny görkezdi. Umumy ýaşaýşyň ortaça dowamlylygy bolsa 16,8 aýdan 23,4 aýa çenli ýetdi. Şeýlelikde, ol 6,6 aý artdy.
«Bu gymmatly wagtlaryny öz ýakynlary bilen geçirmäge mümkinçilik aljak müňlerçe adam üçin taryhy gün boldy» diýip, Breast Cancer Now haýyr-sahawat guramasynyň ýolbaşçysy Kler Rouni aýtdy.
Angliýanyň Milli saglygy goraýyş we lukmançylyk kömeginiň hil instituty (NICE) 2024-nji ýylyň iýulynda dermanyň bahasynyň ýokary bolandygy sebäpli, ony NHS ulgamynda yzygiderli ulanmagy maslahat bermekden ýüz öwrüpdi. Täze gepleşiklerden soň, «NICE» bu dermany ulanmagy resmi taýdan tassyklady.