Londonda ilkinji gezek howply tropiki çybynyň köpelmegi hasaba alyndy

Düýn, 20:051,339

Londonyň gündogar böleginde Beýik Britaniýanyň taryhynda ilkinji gezek howply tropiki wiruslary ýaýradýan Aedes aegypti inwaziw çybynynyň köpelmegi hasaba alyndy. Mör-möjegiň ýaşaýyş öýlerinde tapylmagy bilermenleri alada goýdy diýip, The Guardian neşiri ýazýar.

Adatça, tropik we subtropik ýurtlarda ýaşaýan bu görnüş denge we çikungunýa gyzzyrmalarynyň, şeýle-de Zika wirusynyň giňden ýaýran sebitlerinde bu keselleri adamlara ýokuşdyryp bilýär. Bu ýokanç keselleriň soňy seýrek ýagdaýda ölüm bilen gutarýan bolsa-da, olar, aýratyn hem, göwreli zenanlarda düýpli gaýra üzülmelere getirip bilýär.

Beýik Britaniýanyň Saglyk howpsuzlygy agentliginiň (UKHSA) maglumatyna görä, ýerli ilat üçin töwekgelçilik onçakly uly däl. Çybynlaryň eýýäm kimdir birine kesel ýokuşdyrandygynyň alamaty ýok. Hünärmenler mör-möjekleriň ýurda ulaglar, goşlar ýa-da getirilýän ösümlikler bilen bilelikde gelen bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

Agentlik çybynlaryň köpelmegine subutnamalaryň tapylandygyna garamazdan, bu görnüşiň adaty britan klimatynda uzak wagtlap ýaşap bilmeýändigi sebäpli, ýurtda entek ymykly ornaşmandygyny belleýär. Ýöne klimatyň ýylama meýlini göz öňünde tutsaň, inwaziw çybynlaryň indi ýygy-ýygydan ýurtda köpelip başlajakdygyny çaklasa bolar.

«Buglife» haýyr-sahawat guramasyndan Dewid Smit klimatyň üýtgemeginiň ekzotik görnüşleriň gelmegi üçin amatly şertleri döredýändigini nygtaýar. Ol hökümeti biohowpsuzlyk çärelerini güýçlendirmäge we mör-möjekleriň ýaýrama ýollaryna, aýratyn-da, topragyň hem-de güldandaky ösümlikleriň geçirilmegine gözegçiligi gowulandyrmaga çagyrdy.

UKHSA eýýäm liçinkalary ýok etmek boýunça ençeme çäre gördi we çäklere gözegçiligi dowam etdirýär. Ýaşaýjylara çybynlary köpelip biljek ýerlerinden mahrum etmek üçin baglardaky ýata suwlary syryp süpürmek maslahat berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.