Karatsew Marreýden üstün çykyp, Sidneýdäki ýaryşda ýeňiji boldy

16.01.2022, 16:443,053

Russiýaly tennisçi Aslan Karatsew Awstraliýanyň Sidneý şäherinde geçirilen ýaryşda ýeňiji boldy. Bu barada www.sport.ru habar berdi.

Ýaryşyň finalynda Karatsew britaniýaly Endi Marreý bilen duşuşdy. Oýun Karatsewiň peýdasyna 6:3, 6:3 hasabynda tamamlandy. Duşuşyk jemi 1 sagat 30 minut dowam etdi. Ýaryşyň baýrak gaznasy 521 müň dollara barabar boldy.
Australian Open ýaryşy 17-nji ýanwarda başlar. Aslan Karatsew birinji tapgyrda ispaniýaly Haume Munar bilen, Endi Marreý bolsa gruziýaly Nikoloz Basilaşwili bilen oýnar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.