Hytaý 2021-nji ýylda rekord möçberde 9,8 mln tonna bugdaý import etdi

20.01.2022, 16:387,445

Hytaý geçen ýyl daşary ýurtlardan rekord möçberde 9,8 mln tonna bugdaý satyn aldy. Bu, esasan, HHR-iň ilatynyň iýmit rasionyndaky üýtgeşmeler bilen baglanyşyklydyr diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

2021-nji ýylda Hytaýyň import bugdaýyny satyn almagy ýyllyk hasabynda 17% ýokarlandy. Bu, hususanam, mekgejöweniň içerki bahasynyň ýokary bolmagy we galla ekinleriniň hasyllylygynyň pes bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Çörek önümleri, unaş we börek üçin ulanylýan bugdaýyň sarp edilişiniň ýurduň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaý derejesiniň ýokarlanýandygyny delillendirýändigi bellenilýär. Şeýle-de, bu däneli ekin öý haýwanlary üçin iýmit hökmünde hem ulanylýar.
Sitonia konsalting kompaniýasynyň resmi wekili Darin Fridrihs 2022-nji ýylda HHR-de bugdaý importynyň ýokarlanmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.