Hytaý Ýeriň üstüne gözegçilik etmek üçin 22 sany hemrany orbita çykardy

02.03.2022, 14:117,128

Hytaý Ýeri uzak aralykdan barlamak üçin “Çançžen-8” raketa göterijisiniň kömegi bilen Ýeriň pes orbitasyna 22 sany hemrany çykardy. Bu barada Hytaýyň global telewizion tory (CGTN) habar berdi.

Raketa Pekin wagty bilen sagat 11:06-da Haýnan adasynda ýerleşýän Wençan kosmodromyndan uçuryldy. Uçuryşdan 15 minut soň 22 hemranyň ählisi bellenilen orbitalara üstünlikli iberildi.
Orbita Ýeri uzak aralykdan barlamak üçin on sany “Szilin-1” hemrasy çykaryldy. Bu tapgyryň enjamlary Ýeriň üstüni ýokary durulykda (0,75 metre çenli) surata düşürmek üçin gurallara eýe bolup, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara gözegçilik etmek üçin giperspektral maglumatlary alyp bilýärler. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.