Hytaý Aziýa ýurtlarynda amerikan dollaryndan ýüz öwürmek işine başlady

14.03.2022, 15:5729,869

Hytaý häkimiýetleri dollardan ýüz öwürmek işine başladylar. Amerikan walýutasy bolmazdan amala aşyrylýan hasaplar Pekiniň-de çäginden çykdy diýip, “Deutsche Wirtschafts Nachrichten” nemes neşiri habar berdi.   

Bellenilişi ýaly, Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlary milli walýutada söwda etmek isleýärler. Geleşiklere gatnaşýan döwletler ýuanda, batda we ringgitde has köp hasaplaşyk geçirýärler. Hytaý ABŞ-nyň ykdysadyýetine garaşlylygy azaltmak üçin şeýle mehanizmi işe girizdi. Şeýlelik bilen, tölegler Birleşen Ştatlaryň Federal ätiýaçlyk ulgamyndan aýlanyp geçýär.  

Bu prosese Ýaponiýa, Indoneziýa, Tailand we Malaýziýa gatnaşýar. ASEAN-yň gepleşikleriniň çäginde döwletler hasaplary diňe Aziýa sebitiniň walýutalarynda alyp barýarlar. 

HHR-iň hökümeti geljekde dollardan ýüz öwürmeli bolsa, ýuany dünýäde ätiýaçlyk walýutasyna öwürjekdigini aýtdy.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.