Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýdaky uçar heläkçiligi zerarly Si Szinpine gynanç bildirdi

23.03.2022, 09:4328,235

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň günorta sebitinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.        

Ýeri gelende bellesek, dünýäniň habar beriş serişdeleri 21-nji martda «China Eastern Airlines» awiakompaniýasyna degişli bolan Boeing 737 ýolagçy uçarynyň Hytaýyň Guansi-Çžuan awtonom sebitinde heläkçilige uçrandygy baradaky maglumaty ýaýratdy. Uçar ýere gaçandan soňra, ol ýerdäki tokaýda ýangyn başlady. Uçarda ekipažyň 9 agzasy hem-de ýolagçylaryň 123-si bardy. Hytaýyň degişli gulluklary uçaryň heläk bolan ýerinde entek olaryň hiç birini hem tapmaýandygyny habar berýärler.

Çaklamalara görä, uçaryň hereketlendirijisinde näsazlyk ýüze çykyp, uçarmanlar howa gämisini dolandyryp bilmändirler. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.