Taýwanda 6,4 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi

23.03.2022, 09:5917,094

Taýwanyň kenarynda 6,4 magnitudaly ýertitremesi bellige alyndy. Bu barada sişenbe güni Ýewropa-ortaýerdeňiz seýsmologiýa merkezi habar berdi.

Ýertitremäniň ojagy 10 km çuňlukda ýerleşdi. Tebigy hadysanyň epimerkezi Taýjun şäherinden (ilaty 1 mln-dan geçýär) 133 km günorta-gündogarda ýerleşýärdi.
ABŞ-nyň sunamileri duýdurmak boýunça Milli merkeziniň maglumatyna görä, sunami duýduryşy yglan edilmedi.
Reuters agentliginiň maglumarlaryna görä, yrgyldylar paýtagt şäher Taýbeýde hem duýuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.