Ilon Mask täze sosial toruny döretmek isleýär

28.03.2022, 19:297,395

Amerikaly telekeçi Ilon Mask Twitterdäki öz mikroblogunda täze sosial set döretmek barada çynlakaý pikir edýändigini, onda wagyz-nesihata ujypsyz orun beriljekdigini mälim etdi.

Ulanyjylaryň biri SpaceX-i we Teslany esaslandyryjy Maskdan algoritmi açyk çykyş kodly, ilkinji nobatda söz azatlygyna we onuň berjaý edilişine üns beriljek, wagyz-nesihata ujypsyz derejede orun degişli ediljek täze sosial seti döretmegiň mümkinçiligine seredýändigini-seretmeýändigini sorady.

«Men çynym bilen şonuň pikirini edýärin» — diýip, Mask oňa jogap berdi.

Soňra Mask aýratyn hatynda täze sosial seti döretmegiň wagtynyň gelenini-gelmänini ulanyjylardan sorady.
Öňräk Mask adamzat şu onýyllygyň ahyrynda Marsa ilkinji gezek aýak basar diýip, mälim edipdi. Ulanyjylardan biri milliarderden Marsa ilkinji ekipažyň haçan düşüriljegini sorady. Teslanyň we SpaceX-iň baştutany gysga sözde: «2029» diýip jogap berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.