Tesla “örän kyn çärýege” garamazdan üpjünçiligi rekord möçbere ýetirdi

05.04.2022, 05:416,409

Tesla kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde 310 048 awtomobiliň iberilendigini habar berdi. Ilon Mask bu çärýegi “üpjünçilik zynjyryndaky bökdençlikler we Hytaýyň Covid syýasaty sebäpli örän kyn çärýek” diýip atlandyrdy, ýöne bu kompaniýanyň awtomobil üpjünçiligini artdyrmagyna päsgel bermedi – ýyllyk aňlatmasynda üpjünçilik 68% ýokarlandy. Geçen ýylyň birinji çärýeginde Tesla 184 800 awtomobil iberipdi.

2022-nji ýylda iberilen 310 048 awtomobilden 295 324-si – Model 3 we Model Y, galan 14 724-si – Model S we Model X-dir. Önümçilik barada aýdylanda, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Tesla konweýerinden jemi 305 407 awtomobil çykdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.