Tomusda Awazada dynç alşy guramagyň mümkinçiligi öwreniler

30.04.2022, 07:2624,758

Tomus möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň mümkinçilikleri öwreniler.

29-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigi bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi hem-de geçirilen işler barada Hökümetiň indiki mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.