Isleg bildirýän raýatlar welaýatlarda guruljak metjitlere haýyr-sahawat kömegini berip bilerler

31.05.2022, 08:4735,754

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti halkyň tekliplerinden we haýyşlaryndan ugur alyp, ýurduň welaýatlarynda metjitleriň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bu baradaky maglumat merkezi metbugat neşirlerinde ýaýradyldy.

Habar berlişi ýaly, bu metjitleriň gurluşyklaryna haýyr-sahawat ýardamyny etmäge isleg bildirýän taraplar üçin «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynda ýörite hasap açyldy. Bankda açylan Türkmenistanyň müftüsiniň müdirýetiniň ýörite haýyr-sahawatynyň hasaplary baradaky maglumatlar «Türkmenistan» we «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetleriniň 31-nji maýdaky sanynda çap edildi