Türkmenistandan 275 zyýaratçy haj parzyny berjaý etmäge iberilýär

23.06.2022, 22:5519,451

Şu ýylyň 2 — 22-nji iýuly aralygynda Türkmenistandan 275 zyýaratçy haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler. Bu baradaky degişli Buýruga şu gün, 23-nj iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.