S.Toýlyýew ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş boýunça wise-premýer wezipesinden boşadyldy

08.07.2022, 22:2458,015
1 / 2

Sapardurdy Toýlyýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. Serdar Berdimuhamedow degişli resminama 8-nji iýulda gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary wezipesine N.Amannepesow bellenilip, ol Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşadyldy.
Şeýle hem N.Amannepesow Mary welaýaty boýunça jogapkär edilip bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.