SpaceX-iň raketasy bat almaga bir minutdan hem az galanda ýatyryldy

24.07.2022, 20:0118,403

Starlink internet-gurşaýyş ulgamynyň ählumumy torunyň orbital toplumynyň üstüni ýetirmek üçin 46 sany kiçi hemradan ybarat nobatdaky toplum bilen ýüki ýetirilen agyr Falcon 9 raketa-göterijini penşenbe güni goýbermek meýilleşdirilipdi, emma onuň bat almagyna 46 sekunt galanda bu iş goýbolsun edildi diýip, SpaceX işläp taýýarlaýjy-kompaniýa habar berýär.

Sebäbi barada hiç zat habar berilmeýär. Bu çäre bir gije-gündiz yza süýşürildi. Goýberişi ABŞ-yň Ýuwaş umman kenarýakasynyň wagty boýunça sagat 10:39-da (Aşgabat wagty bilen 22:39-da ) Kaliforniýanyň Wandenbergindäki  ABŞ-yň Kosmiki güýçleri bazasyndan amala aşyrmak göz öňünde tutulýardy.
Ol 2019-njy ýylyň maýyndan bäri Starlink taslamasynyň çäklerinde orbita goýberilen internet-hemralaryň tertip boýunça 53-injisi we şu aýdaky goýberilenleriň bolsa 4-njisi bolmalydy.
SpaceX häzirki wagta çenli jemi 2858 internet-hemra goýberdi. Olaryň bir bölegi hatardan çykdy ýa-da orbitadan çykyp gitdiler. 2,5 müňden gowrak apparat orbitada işjeň ýagdaýda galýar.  
Häzirki wagtda kompaniýa dünýäde iň iri hemra operatory hasaplanýar. SpaceX-iň maglumatlaryna görä, Starlink internet tory dünýäniň 32 ýurdunyň, şol sanda Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň, Uzak Gündogaryň we Awstraliýanyň  ulanyjylaryna elýeterdir. Pentagonyň maglumatlaryna esaslansaň, amerikan harbylary hem bu hemralaryň hyzmatyndan işjeň peýdalanýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.