1-nji awgustda Awazada gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy bolar

29.07.2022, 21:3013,285

Awgust aýynda Türkmenistanyň günbatar sebitinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iri çärelerdir dabaralaryň birnäçesi geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri barada 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde degişli ýolbaşçylaryň hasabatlarynda aýdyldy.

Hususan-da,

  • 1-nji awgustda Awazada dynç alýanlar üçin gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy;
  • 3-nji awgustda Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça geçirilen «Ýüpek Ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenlerimizi sylaglamak dabarasy;
  • 5-nji awgustda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda gurlan «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň  açylyş dabarasy;
  • 8-nji awgustda Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden guruljak täze köpriniň düýbüni tutmak dabarasy;
  • 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahat;
  • 15-16-njy awgustda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahaty ýaly dürli görnüşli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şular barada aýdyp, 1-nji awgustdan ähli ýolbaşçylaryň zähmet rugsadyna çykýandygyna garamazdan, meýilleşdirilen ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini aýratyn nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.