Hytaýda dowam edýän koronawirusa garamazdan, Apple iPhone söwdasyndan gazandy

01.08.2022, 12:1715,880

Hytaýda koronawirusa garşy berk çäreleriň girizilendigine garamazdan, Apple iPhone smartfonlarynyň söwdasyndan lomaýja pul gazanmagy başardy. Bu barada CNBC ýazýar.

Üstümizdäki ýylyň ikinji çärýeginde Apple Hytaýda 9,9 million iPhone satdy, bu geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 25 göterim köpdür. Şol bir wagtda, aprel-iýun aýlarynda smartfonlaryň hytaý bazary 10 göterim çökdi. 
Munuň esasy sebäbi koronawirusyň ýaňadan örç almagy netijesinde hökümet tarapyndan iri şäherlerde we käbir welaýatlarda çäklendirmeleriň girizilmegi bilen baglydyr. Şanhaýda birnäçe hepdeläp  doly lokdaun görnüşindäki çäklendirmeleriň girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Şol bir wagtda iýunda çäklendirmeler biraz gowşadyldy. Aýyň ortasynda Hytaýda geçen söwda festiwaly hem satuwlara goşmaça oňyn täsirini ýetirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.