2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde hytaý brendlerinden smartfonlaryň umumy satuwy geçen çärýek bilen deňeşdirilende 5,2% we ýyldan ýyla 4,6% azaldy. Muny Digitimes Research Smartphone Tracker statistikasy delillendirýär diýip, 3dnews.ru habar berýär.
Satuwyň azalmagy içerki bazarda islegiň peselmegi we wendorlaryň ammarlara harytlaryň ýygnanmazlygy üçin sargytlaryň mukdaryny azaltmagy bilen baglanyşyklydyr. Daşary ýurtlarda satuw inflýasiýanyň ýokarlanmagy bilen pese gaçýar.
Hytaýyň üç öňdebaryjy brendi bolan Xiaomi, Oppo we Vivo ikinji çärýekde zyýan çekdi. Iň uly pese gaçyş Vivo-da hasaba alynýar. Umuman, ikinji çärýekde hytaý brendleriniň tutuş smartfon üpjünçiliginiň 63,6%-i bu üç brendiň paýyna düşýär (deňeşdirmek üçin – birinji çärýekde bu üç brendiň paýy 65,1%-di).
Hytaýyň ykdysadyýetindäki meseleleriň we ýerli işsizligiň derejesiniň mundan beýläk hem güýçlenmegine garaşylýarka, ikinji ýarymýyllykda-da içerki bazardaky isleg peselmegini dowam eder. Beýleki tarapdan, inflýasiýanyň ýokarlanmagy daşary ýurt bazarlarynda IT-önümlerine, şol sanda smartfonlara bolan islegiň pese gaçmagyna getirer. Digitimes Research hytaý brendleriniň bilelikdäki smartfon üpjünçiligine hem üçünji, hem dördünji çärýekde iki belgili pese gaçyşyň garaşýandygyny çaklaýar.
Belli bolşy ýaly, ikinji çärýekde smartfon satuwy Hytaý, Ýewropa ýaly ähli sebitlerde düýpli zyýan çekdi. Üstesine-de, Ýewropada hytaý brendleri Samsung bilen Apple kompaniýalarynyň öňünde ejiz gelýär.