«Sputnik V» waksinasynyň ulanylyş möhleti ýarym ýyldan bir ýyla çenli uzaldyldy

14.08.2022, 08:4712,307

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi COVID-19-a garşy «Sputnik V» waksinasynyň dürli öndürijileriň preparatlary üçin  ulanylyş möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi.

«Täze koronawirus ýokanjynyň öňüni almaga niýetlenen «Sputnik V» waksinasynyň ulanylyş möhleti dürli öndürijileriň preparatlary üçin alty aýdan bir ýyla çenli uzaldyldy» — diýip, çarşenbe güni Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Waksinany medisina taýdan ulanmak boýunça gollanma degişi üýtgetmeler girizildi diýip habarda aýdylýar.

«Şol bir wagtda, preparatyň ulanylyş möhletini uzaltmak barada karar kabul edilmezinden öň öndürilen dermanyň gutusyndaky has gysga ulanylyş möhleti baradaky maglumat preparatyň möhletiniň geçendigini aňlatmaýar» — diýip, metbugat gullugynda nygtap aýtdylar. Waksina dermanlarynyň möhletini uzaltmak baradaky karar, her bir ýagdaýda-da, geçirilen ekspertizanyň netijelerine esaslanýar. Netijeler onuň görkezilen ulanylyş möhletiniň bütin dowamynda hilini saklaýandygyny, diýmek, dermanyň howpsuz we netijelidigini tassyklaýar diýip, Saglygy goraýyş ministrliginde habar berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.