Alymlar düzüminde demriň we kobaltyň oksidleriniň nanobölejikleri bolan durnukly, suw esasly magnit suwuklygyny döretdi. Geljekde bu suwuklyk çiş öýjüklerini maksatly ýok etmekde we dürli keselleri anyklamakda ulanylyp bilner.
Bu materialy «Sirius» Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary moskwaly hem-de skopýeli kärdeşleri bilen bilelikde taýýarlady. Gözlegiň netijeleri Surfaces and Interfaces žurnalynda çap edildi.
Täze suwuklyk suwdan, kobaltyň we demriň oksidleriniň nanobölejiklerinden ybarat. Oňa durnuklaşdyryjy serişdeleri, polimerleri ýa-da kislotalary goşmagyň zerurlygy ýok. Materialy almak maksady bilen, gözlegçiler ultrases täsirini ulanmak we komponentleriň gatnaşygyny sazlamak arkaly sinteziň nusgawy usulyny kämilleşdirdiler.
Nanobölejiklerde kobaltyň mukdary, demre garanyňda, 2,3–9 esse az bolan erginler has durnukly bolup çykdy. Kobaltyň mukdary aşa azaldylanda bolsa, bölejikler biri-birine ýelmeşip başlady.
Şeýle hem alymlar, kobalta garanyňda, demriň mukdary 6,5–9 esse köp bolan suwuklyklaryň magnit meýdanynda has gowy gyzýandygyny anyklady. Bu aýratynlyk olaryň çişlere garşy göreşmekde ulanylmagyna mümkinçilik berip biler. Kobaltyň mukdary ýokary bolan nanobölejikler bolsa tebigy peroksidaza fermentleri ýaly hereket edip, wodorod peroksidi bilen geçýän reaksiýalary çaltlaşdyrdy.
"Şuňa meňzeş magnit materiallarynyň diýseň köpdügine garamazdan, biziň işläp taýýarlanymyz himiki düzüminiň ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, esasan-da, garyndylaryň päsgel berip biljek ýagdaýlarynda, material bilen işlemegi ýeňilleşdirýär" diýip, taslamanyň ýolbaşçysy, himiýa ylymlarynyň doktory Andreý Drozdow düşündirdi.
Öndürijiler bu materialyň biosensorlary, diagnostika we bejeriş ulgamlaryny, şeýle hem magnit katalizatorlaryny döretmekde ulanylyp bilinjek mümkinçiliklerini öwrenmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýär.