Arizona ştatynyň Baş prokurory Kristin Meýs L’Oréal kosmetika kompaniýasyna we onuň amerikan şahamçasyna garşy şikaýat bilen kazyýete ýüz tutdy. Arzanyň sebäbi saç göneldiji serişdeleri ulanmagyň netijesinde rak keseliniň döräp bilmek ähtimallygy boldy.
Kompaniýa sarp edijileriň hukuklaryny goramak baradaky döwlet kanunlaryny bozmakda aýyplanýar.
Şikaýatçynyň aýtmagyna görä, kompaniýa saçy göneltmek üçin niýetlenen önümlerini mahabatlandyrmak bilen, alyjylary ýatgynyň we ýumurtgalygyň düwnük keselleriniň döremek howpy barada duýdurmady. Şeýle töwekgelçilikler barada kompaniýa 2022-nji ýyldan bäri habarlydy. Saç göneldiji bu önümlerden (aýratyn-da, Dark and Lovely we Optimum hatarlarynyň önümleri), esasan, afroamerikan zenanlary peýdalanýardy diýip, «Reuters» belleýär.
Şikaýatçy L’Oréal-a maliýe jerimelerini salmagy, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy, şeýle hem önümlerinde degişli duýduryşlar bolmadyk ýagdaýynda, olaryň satuwyny gadagan etmegi talap edýär. Şikaýat edilýänçä kompaniýa zenanlardan we olaryň maşgalalaryndan gelen 12 müňden gowrak şeýle talap arzalary bilen ýüzbe-ýüz boldy.
ABŞ-da L’Oréal-yň wekili kompaniýanyň öz önümleriniň howpsuzlygyna doly ynanýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, saç göneldiji serişdeler bilen rak keseliniň arasyndaky baglanyşyk baradaky gürrüňler ne hukuk, ne-de ylmy esaslara eýe.
Kompaniýa garşy ilkinji talap arzalary 2022-nji ýyldan soň, ýagny ABŞ-nyň Milli saglygy goraýyş instituty saç göneldiji serişdeleriň zenanlaryň saglygyna ýetirýän täsiri barada barlagy neşir edenden soň peýda boldy. Barlaga görä, şeýle önümleri ýylda birnäçe gezek ulanan zenanlarda ýatgynyň düwnük keseliniň döremek howpy, beýlekiler bilen deňeşdirilende, iki esseden hem ýokary boldy, ýöne serişdäniň düzümindäki haýsy komponentiň muňa täsir edýändigi barlagda takyk görkezilmedi.
Kompaniýa barlaglaryň göneldiji serişdeleri ulanmak bilen ýatgynyň düwnük keseliniň döremeginiň arasynda gös-göni sebäp-netije baglanyşygynyň bardygyny subut etmändigini nygtaýar.
L’Oréal-dan başga-da, talap arzalarynda Revlon kompaniýasy we şeýle saç göneldiji serişdeleri öndürýän beýleki kärhanalar bar. Revlon hem öz önümleri bilen sarp edijilerde rak keseliniň döremeginiň arasynda nähilidir bir baglanyşygyň bardygyny ret edýär. Bu mesele boýunça ilkinji kazyýet işleri eýýäm geljek ýylda başlap biler.