ADHD-li adamlaryň tas 50%-inde aşgazan-içege bozulmalary ýüze çykýar

14.09.2026, 21:523,736

Üns ýetmezçiligi we giperaktiwlik sindromy (attention deficit hyperactivity disorder, ADHD) bolan adamlarda aşgazan-içege ulgamynyň bozulmalarynyň alamatlary, şeýle ýagdaýy bolmadyk adamlara garanyňda, takmynan, 50 göterim köp duş gelýär. Warwik uniwersitetiniň alymlary 2 milliona golaý adamyň maglumatlaryny öwrenip, şeýle netijä geldi.

Iç gatamanyň ýygylygy boýunça tapawut has aýdyň görünýär. Bu ýagdaý ADHD-li adamlarda iki esse diýen ýaly köp duşýar. Olarda içegäniň ýellenme alamatynyň ýüze çykyş ähtimallygy 58%-den ýokary, enkoprez – içegäni boşatmaga bolan gözegçiligiň ýitirilmegi bolsa dört esse köp ýüze çykýar.

Alymlar munuň ADHD bilen aşgazan-içege ulgamynyň arasyndaky baglanyşygy yzygiderli öwrenilen ilkinji uly barlagdygyny belleýär.

Şeýle baglanyşygyň ýüze çykmagynyň anyk sebäbi häzirlikçe belli däl. Mümkin bolan sebäpleriň biri – iýmitleniş aýratynlygy bilen bagly. ADHD-li adamlaryň düzgünsiz iýmitlenmek häsiýeti, olaryň iýmit siňdiriş ulgamyna täsir edip bilýär. Iç gatama ADHD-ni bejermekde ulanylýan käbir dermanlaryň ýaramaz täsiri bilen bagly bolup biler.

Alymlar içege mikroflorasyna hem üns berýär. Käbir maglumatlara görä, ADHD bolan adamlaryň içegesindäki mikroorganizmleriň düzümi tapawutly bolup biler. Içege bilen beýni nerw signallary, şol sanda azaşan nerw arkaly özara baglanyşýar.

ADHD giňden ýaýran neýroösüş bozulmalarynyň biridir. Dünýäde çagalaryň, takmynan, 5 göterimi, ulularyň bolsa 3–4 göterimi bu ýagdaýdan ejir çekýär. Ozal içege bilen beýniniň arasyndaky baglanyşyk, esasan, autizm bilen bilelikde öwrenilýärdi. Emma maglumatlaryň barha köpelmegi, bu baglanyşygyň ADHD ýagdaýynda hem möhüm bolup biljekdigini görkezýär.

Şol bir wagtyň özünde, bu barlag ADHD-niň gönüden-göni iýmit siňdiriş bozulmalaryna sebäp bolýandygyny subut etmeýär. Alymlar ýüze çykarylan baglanyşygyň has giňişleýin derňewleri geçirmegi talap edýändigini aýdýar.