Indi öküz saga barýar: Ozempic dermanyny öndüren kompaniýa rebrendinge başlady

Düýn, 10:251,885
1 / 2

Ilkinji nobatda süýji kesele (diabet) we semizlige garşy döreden «Ozempic» hem-de «Wegovy» atly dermanlary bilen tanalýan Novo Nordisk kompaniýasy giň gerimli rebrending geçirýändigini yglan etdi. Daniýaly derman öndüriji kärhana mundan beýläk gündelik we mahabat işlerinde gysgaldylan Novo adyny ulanar hem-de öz haryt nyşanlaryny we daşky görnüşini täzelär.

Şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň bütindünýä korporatiw gurluşynyň resmi hukuk ady — Novo Nordisk A/S öňküligine galdyrylar.

Kompaniýa, aýdylanlar bilen birlikde, taryhy nyşanyny hem üýtgetdi. Öňki nyşanda çepe bakyp duran müsür öküzi Apisiň şekili bardy. Indi bu öküz sag tarapa bakdyryldy.

Şeýle hem Novo täze korporatiw ýörelgelerini, «Uzak möhletli saglyk şu gün başlanýar» diýen bütindünýä şygaryny we içerki iş düzgünleriniň täzelenen toplumyny — «Novo-nyň ýoluny» (The Novo Way) girizýär.

Kompaniýanyň uzak möhletli täze iş strategiýasynyň resmi tanyşdyrylyşy 2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Londonda geçiriljek Maýa goýum bazarlary gününe meýilleşdirilýär. Şonda kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň maýadarlara täzelenen brendiň çäginde durmuşa geçiriljek ösüş meýilnamasyny we önümçilik maksatlaryny jikme-jik hödürlemegine garaşylýar.

Täzeleniş kompaniýanyň beýleki bejeriş ugurlaryndaky, şol sanda ýürek-damar keselleri boýunça geçirilen kliniki barlaglaryň käbiriniň şowsuz tamamlanmagy netijesinde önümleriň görnüşlerini diwersifikasiýa etmegiň zerurlygynyň ýüze çykmagy bilen baglydyr. Mundan başga-da, kompaniýa semizlige we süýjükeseliň bejergisine niýetlenen derman serişdeleriniň dünýä bazaryndaky bäsdeşliginiň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Novo Nordisk brendi 1989-njy ýylda Novo Terapeutisk Laboratorium bilen Nordisk Insulinlaboratorium kompaniýalarynyň birleşmegi netijesinde döredildi.