Şaňňyrdawuk ýylanlaryň zäherine garşy derman olaryň öz ganyndan alyndy

Düýn, 18:402,834
1 / 2

Merilend uniwersitetiniň alymlary şaňňyrdawuk ýylanlaryň (Crotalini) ganyndaky beloklara esaslanyp, täze synag antidotyny işläp taýýarlady. Barlaghana synaglarynda bu beloklaryň utgaşmasy häzirki wagtda ulanylýan antidotlardan, takmynan, 10 esse güýçli bolup, birnäçe görnüşli ýylan zäheriniň öldüriji täsirini doly diýen ýaly zyýansyzlandyrýar.

Barlagyň netijeleri Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda çap edildi.

Bütin dünýäde zäherli ýylanlaryň çakmagyndan her ýyl 140 müň töweregi adam aradan çykýar, diri galanlaryň köpüsiniň bolsa saglygyna agyr zeper ýetýär. Häzirki zaman zähere garşy dermanlar, köplenç, atlardan we goýunlardan alynýar. Bu usul gymmat we örän çylşyrymly bolup, şeýle serişdeler güýçli immun täsirlerini hem döredip bilýär. Şonuň ýaly-da olar dürli ýylanlaryň zäherine garşy hemişe birmeňzeş netije bermeýär.

Barlagçylar ýylanlaryň öz zäherinden goranmagyna kömek edýän tebigy gurluşyna üns berdiler. Birnäçe ýyl ozal alymlara olaryň ganyndan FETUA-3 belogy bölüp almak başardypdy. Bu belok dürli zäherleriň täsirini bökdemäge ukyplydyr. Biologlaryň çaklamagyna görä, ol ewolýusiýa netijesinde tötänleýin öz-özüňi zäherlemekden gorag hökmünde emele gelipdir.

Alymlaryň gorag beloklaryny aýratynlykda barlamagy olaryň diňe zäherlenmäniň käbir täsirlerini azaltmaga ukyplydygyny görkezdi. Emma birnäçe belok bir garyndyda birleşdirilenden soň, netijeler ep-esli gowulandy. Barlaghana synaglarynda bu garyndy ewolýusiýanyň dowamynda millionlarça ýyl ozal biri-birinden aýrylan birnäçe görnüşli ýylanyň zäherini doly diýen ýaly zyýansyzlandyrdy.

Indi alymlar bu tehnologiýany ýylanyň zäherindäki beýleki toksin toparlaryna garşy hem uýgunlaşdyrmagyň üstünde işleýär. Geljekde sintetiki antidotlaryň has arzan we öndürilişiniň has ýönekeý bolmagyna garaşylýar.