ABŞ-da düwnük keselini lazer bilen bejermek usuly synagdan geçirilýär

Düýn, 21:49495
1 / 2

Amerikaly alymlar aşgazanasty mäziň rak keselini bejermegiň täze usulyny — gan damarlaryna gönükdirilen fotodinamiki bejergini adamlarda synagdan geçirdi.

Bu usul çişiň iri gan damarlarynyň golaýynda ýerleşýändigi sebäpli, adaty operasiýa arkaly aýryp bolmaýan näsaglar üçin niýetlenendir.

Ilki bilen, näsaga padeliporfin derman serişdesi goýberilýär. Bu derman çişi gan bilen üpjün edýän damarlarda ýygnanýar. Soňra kateteriň üsti bilen gan damaryna inçe lazer girizilýär. Lazer şöhlesi dermany işjeňleşdirip, çişi gan bilen üpjün edýän damarlaryň diwarlaryny zeperleýär. Şeýlelikde, çişiň dokumalary ýok bolup başlaýar. Derman serişdesi goýberilenden belli bir wagt geçenden soň, lazer her gezek bäş minutdan iki sapar işledilýär.

Usul häzirlikçe az sanly näsagyň gatnaşmagynda synagdan geçirildi. Alty näsag bejergi aldy. Olaryň dördüsinde geçirilen amaldan soň lukmanlar operasiýa edip, çişiň galan bölegini hem aýyrmagy başardy. Iň möhüm netijeleriň biri bolsa, şol näsaglaryň üçüsinde operasiýadan soň çişiň töweregindäki dokumalarda rak öýjükleriniň ýüze çykarylmandygydyr.

Aşgazanasty mäziniň ýaýramadyk rak keseli bolan näsaglaryň köpüsinde çişi hirurgiki usulda aýyrmak mümkin däl. Sebäbi çiş garyn boşlugyndaky möhüm gan damarlaryny berk gurşap alyp biler. Bu bolsa operasiýany örän töwekgelçilikli edýär. Keseliň şu tapgyrynda şeýle ýagdaýlar näsaglaryň, takmynan, üçden iki böleginde duş gelýär.

Amaldan soň näsaglar üç günläp garaňky ýerde saklanylmaly. Çünki padeliporfin deriniň ýagtylyga bolan duýgurlygyny ýokarlandyrýar. Bu hem gün şöhlesiniň we güýçli yşygyň deride ýanyklaryň döremegine sebäp bolmagyna getirip biler. Şeýle çemeleşmäniň öň giňden ulanylmazlygynyň esasy sebäpleriniň biri hem şundan ybaratdyr.