Russiýada giňden satylýan käbir tiz taýýarlanýan aşlaryň düzüminden zyýankeşlere we gurçuklara garşy göreşmek üçin ulanylýan himiki maddalar tapyldy. Bu barada Roskaçestwonyň geçiren barlagyna salgylanan TASS habar berýär.
Himiki maddalaryň yzlary, esasan-da, «Doşirak», «Chan Ramen», «Biznes Lanç», «BigBon», «Každyý den» we «Rollton» atly önümlerden tapyldy.
Roskaçestwo tapylan maddalaryň tehniki reglamentde bellenen rugsat edilýän çäklerden geçmeýändigini habar berdi. Şeýle-de bolsa, bu önümler «Hil nyşanyna» eýe bolup bilmeýär.
«Roskaçestwonyň ýokary hil talaplary boýunça önümiň düzüminde himiki maddalaryň bolmagyna düýbünden ýol berilmeýär» diýip, hünärmenler nygtady.
Mundan başga-da, 10 nyşanyň önümlerinde çyglylygyň derejesiniň ýokarydygy anyklandy. Ýene-de 7 öndürijiniň önümlerinde beloklaryň, ýaglaryň we uglewodlaryň hakyky mukdary gaplamada görkezilen maglumatlara laýyk gelmedi.
Şol bir wagtyň özünde, 2019-njy ýylda geçirilen öňki barlag bilen deňeşdirilende, önümleriň mikrobiologik howpsuzlygy ep-esli derejede gowulaşypdyr. Bu gezek hünärmenler tarapyndan howply bakteriýalar, antibiotikler, şeýle hem agyr metallar we radionuklidler ýüze çykarylmady.
Roskaçestwo tiz taýýarlanýan naharyň birje paýynda 3 grama çenli duz bolup bilýändigini ýatlatdy. Bu bolsa günde maslahat berilýän 5 gramlyk duz mukdarynyň ep-esli bölegidir.
Hünärmenler şeýle naharlary aýda iki gezekden köp iýmezligi maslahat berýär. Şeýle-de önümi has ýokumly etmek üçin oňa ýumurtga, towuk eti, krewetka, gök önümler ýa-da dürli gök otlar goşmak maslahat berilýär.
Barlagyň netijeleri boýunça ýüze çykarylan düzgün bozulmalar baradaky maglumatlar öndürijilere, import edijilere, söwda ulgamlaryna we gözegçilik edaralaryna iberildi.
SamYang, Nissin, JML we Naruto önümleriniň import edijilerine resmi duýduryş berildi. «Doşirak Koýa» önümini öndürijiler we Naruto brendiniň import edijisi bolsa, önümleriň bellikleriniň hem-de öndürilişiniň tehniki şertleriniň düzedilendigini habar berdiler.