Britan alymlary aeroportlar üçin täze rentgen işläp taýýarladylar

12.09.2022, 23:168,646

Londonyň uniwersitet kollejiniň alymlary aeroportlar üçin täze rentgen işläp taýýarladylar diýip, Daily Mail ýazdy. 

"Bu barlag tutuş dünýä möçberinde gizlin howplaryň, şeýle-de neşe serişdeleri we ýabany tebigatdan alnan bikanun harytlar ýaly dürli kontrabandalaryň ýüze çykarylyşyny özgertmegiň mümkindigini görkezdi" - diýip, neşir barlagyň awtordaşy Tristram Raýli-Smitiň sözlerini getirýär. 

Gazetiň belleýşi ýaly, özünden öňki barlaga daýanýan rentgen usuly aşakdaky görnüşde işleýär: obýektlerdäki mikroskopiki üýtgemeler ýa-da nätekizlikler rentgen şöhlelerini özünden geçende gyşardýarlar. Şeýlelikde, rentgen şöhleleri şol ujypsyzja egrem-bugramlyklary ölçemek bilen,  dürli teksturalary ýüze çykaryp bilýär.  

"Ujypsyzja egrem-bugramlyklar rentgen şöhlelerinde mydama-da bardy, ýöne olar adaty rentgen ulgamlary üçin näbelliligine galýardy, şeýlelikde, bu bize owal ulanylmadyk maglumatlaryň birgidenini elýeter edýär" - diýip, materialda aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.