Ilon Maskyň internedi uçarda synagdan geçirildi

19.09.2022, 22:1713,766

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy öz Starlink hemra ulgamynyň 9000 metr töweregi belentlikde - uçaryň bortunda Netflix-e we YouTube-a elýeter bolup biljekdigini synagdan geçirip görkezdi.

Starlink hemra internedini JSX awiakompaniýasynyň uçarynyň bortunda synag edip gördüler. Uçuş wagtynda maglumatlaryň berliş tizligi 100 Mbit/s-dan ýokary boldy - Ookla hyzmaty şeýle görkezdi. Hakykata golaý bolmagy üçin bortda 20-30 adamyň agramyny berýän öýkünme-gurluşy ýerleşdirdiler.

"Men diýseň şat" - diýip, reýsiň bortunda internet-serfingi we WhatsApp-a gelýän jaňlary synagdan geçirýän, JSX-yň baş ýerine ýetiriji direktory aýtdy. - "Bu meniň garaşyşymdanam zyýat boldy".

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.