Apple 2025-nji ýyla çenli iPhone önümçiliginiň 25%-ini Hindistana geçirer

24.09.2022, 13:115,808

Apple kompaniýasy Hytaýa garaşlylygyny azaltmak üçin Hindistanda we Wýetnamda käbir gurluşlaryň önümçiligini giňeldýär. Bu Hindistanyň paýtagty Nýu-Deliniň ýurdy önümçilik merkezine öwürmek meýilnamalaryna laýyk gelýär diýip, incrussia.ru belleýär. Deňeşdirmek üçin: häzir iPhone smartfonlaryny Hytaýdaky 350 müňe garşy Hindistanda 20 müň operator ýygnaýar.

Apple 2023-nji ýyla çenli global iPhone önümçiliginiň 5%-ini Hindistana geçirer. 2025-nji ýyla çenli bolsa ýurtda ähli bazarlar üçin iPhone-yň 25%-i öndüriler. 2025-nji ýyla çenli Wýetnam iPad önümçiliginiň 20%-ini, MacBook bilen Apple Watch-yň – 5%-ini we AirPods-yň – 65%-ini alar.
Amerikan kompaniýasynyň Hindistanyň bazaryndaky paýy heniz kiçi. Iki ýyl mundan ozal Apple Hindistanda programmalar dükanyny açdy we ilkinji fiziki nokady işe girizmegiň üstünde işläp başlady. Öň, ýurda iPhone-yň könelişen modelleri iberilýärdi, ýöne 2022-nji ýylda Apple täze smartfonlary iberdi.
Hindistanda Samsung, Xiaomi, Oppo, Vivo we OnePlus gurluşlary-da ýygnalýar. Google hem Pixel smartfonlarynyň önümçiliginiň bir bölegini Hindistana geçirmegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.