Huawei inçe çarçuwaly täze telewizoryny görkezdi

29.09.2022, 15:2810,876

Huawei kompaniýasy täze Huawei Smart Screen telewizorlaryny goýbermek boýunça, deslapdan 26-njy sentýabra meýilleşdirilen konferensiýanyň, 29-njy sentýabrda geçiriljekdigini resmi suratda habar berdi.

Täze telewizorlar Huawei Vision Smart Screen 75 we Huawei Vision Smart Screen 86 atlary bilen goýberilip, 14-nji oktýabrda  satuwa çykar. Mundan hem başga, geýmerler üçin niýetlenen, 31-nji oktýabrda çykjak  Huawei Vision Z65 we Huawei Vision Z75 modelleri bilen tanyşdyrylar.
Gurluşlaryň häsiýetnamalary barada heniz hiç zat aýdylanok, ýöne megerem, olar 4K razreşeniýeli we şekili täzeleýiş tizlikleri 120 Gs-i göterýän bolsa gerek. Geýmer modelleriniň hem säginmesi iň kiçi bolmaly.
Ilkinji tizerinden çen tutsaň, telewizorlar kindiwanja çarçuwaly bolar we wideojaňlar üçin kamerasy bolmaz.