Allaberdy Aşirow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti boldy

29.09.2022, 22:0828,159

Türkmenistanyň Prezidentiniň Allaberdy Aşirowy  Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesine saýlamak  hakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda çykaran çözgüdini tassyklamak hakynda degişli Karara gol çekmegi esasynda Allaberdy Aşirow bu wezipä bellenildi.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow Allaberdy Aşirowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory wezipesinden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.