Oktýabrda senetçilik we amaly-haşam sungaty boýunça halkara festiwal geçiriler

30.09.2022, 23:363,636

12-14-nji oktýabrda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly geçiriler. Festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, döredijilik forumynyň işine  dünýäniň birnäçe döwletleriniň wekilleri gatnaşmaga isleg bildirýärler. Halkara forumyň çäklerinde birnäçe medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň meýilnamasy hödürlenildi. 
Serdar Berdimuhamedow forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.