2023-nji ýylda «Ýewrowideniýe» Liwerpulda geçer

10.10.2022, 03:554,444

2023-nji ýylda "Ýewrowideniýe" aýdym-saz bäsleşigi iňlis Liwerpulynda geçer. Bu barada anna güni Ýewropa habarlar birleşigi bilen bilelikde ýeňijiniň sargydyny saýlan  Bi-bi-si habar beriş korporasiýasynyň ýaýlymynda alyp baryjy Grem Norton yglan etdi.

Ol: ""Ýewrowideniýe-2023"  Liwerpulda geçiriler " diýdi.

Başlangyç tapgyrda 20 britan şäheri "Ýewrowideniýäny" özünde geçirmäge isleg bildirdi, soňra şolaryň içinden şeýle göwrümli çäreleri guramakda has uly tejribesi bolan ýedi şäher saýlanyp alyndy: Liwerpul, Birmingem, Glazgo, Lids, Mançester, Nýukasl we Şeffild. Soňlugy bilen Bi-bi-si we EBC dalaşgärleriň sanyny Liwerpula we Glazgo çenli gysgaltdylar, ahyrda-da The Beatles rok toparynyň watanynda saklandylar. 
Üstümizdäki ýylyň maý aýynda"Ýewrowideniýäniň" Italiýanyň Turin şäherinde geçen 66-njy bäsleşiginde Ukrainanyň Kalush Orchestra hip-hop topary özüniň "Stefaniýa" aýdymy bilen ýeňiş gazanypdy. Ikinji ýeri Beýik Britaniýa , üçünji ýeri bolsa Ispaniýa eýeläpdi. Däp boýunça   "Ýewrowideniýe" aýdym-saz bäsleşigi  geçen saparky bäsleşikde ýeňiş gazanan ýurtda geçirilýär. Ukraina 2023-nji ýylda "Ýewrowideniýäni" kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi, emma EBC gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmekdäki kynçylyklar bilen bagly bäsleşigi Ukrainada geçirip bolmajakdygyny habar berdi.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.