Hytaý Güni öwrenmek üçin älem teleskopyny üstünlikli uçurdy

12.10.2022, 11:468,958

Ýekşenbe güni HHR kämilleşdirilen "Kuafu-1" Gün teleskopyny üstünlikli ýagdaýda uçurdy. Bu barada "Sinhua" agentligi habar berdi.

CZ-2D raketa göterijisi pekin wagty bilen 07:43-de (04:43 aşg) ýurduň demirgazygyndaky Szýusýuan kosmodromyndan bat aldy. Älem teleskopy bellenen orbita çykaryldy, uçuryş üstünlikli geçdi diýip ykrar edildi.
"Kuafu-1", hususan,  älem howasyna çaklama bermekde ulanylar.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda Hytaý Gün atylyp çykmalarynyň fiziki häsiýetlerini öwrenmek üçin özüniň ilkinji "Sihe" apparatyny goýberipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.