Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi

29.10.2022, 11:534,914

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) agzalygyna kabul edildi. Bu baradaky degişli çözgüdiň guramanyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen 39-njy Bütindünýä maslahatynda kabul edilendigini 28-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow habar berdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň ýurdumyzyň alymlaryna dünýä derejesindäki barlaglara gatnaşmagyny ep-esli işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.