Tehnologiýalar merkeziniň “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly elektron žurnaly dörediler

29.10.2022, 11:5713,501

Hojalyk hasaplaşygynda işleýän Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnaly döretmek hem-de ony elektron görnüşde internet ulgamy arkaly ýaýratmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada Hökümetiň 28-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi.

Döwlet Baştutany elektron ylmy-amaly žurnalyň döredilmeginiň giň ylmy jemgyýetçiligi türkmen ylmynyň gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow žurnalyň çuň many-mazmunly bolmalydygyny, onda çap ediljek makalalarda bolsa ileri tutulýan ugurlar boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy işleriň hem-de innowasion işläp taýýarlamalaryň şöhlelenmelidigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.