Žurnalistleriň arasynda «Durmuşyň döreden sýužetleri» temasy boýunça esse bäsleşigi yglan edildi

18.11.2022, 16:407,308

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän ACTED «CS-GBV Central Asia» sebitleýin taslamasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýa we Owganystan üçin «Ýagtylyk şöhlesi» Başlangyjynyň Sebitleýin maksatnamasy iň gowy media-önümi — esse boýunça bäsleşik yglan edýär. Esse öýdäki zorlugy başdan geçiren we onuň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçenlere bagyşlanmaly. 

Žurnalistler «Durmuşyň döreden sýužetleri» temasy boýunça esselerini 1-nji dekabra çenli makala112022@mail.ru elektron salgysyna ugradyp bilerler. Işler türkmen hem rus dillerinde kabul edilýär. Bäsleşigiň jemleri we baýrak gowşurmaklyk 8-nji dekabrda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.