23-25-nji noýabrda Türkmenistanda Täjigistanyň Medeniýet günleri geçiriler

19.11.2022, 08:525,171

23 — 25-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegine taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň, şekillendiriş sungaty eserleriniň, neşir önümleriniň, milli lybaslarynyň sergisiniň, birnäçe beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bulardan başga-da, 28 — 30-njy noýabrda Aşgabat şäherinde «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal we maslahat geçiriler.
Şeýle-de 22-nji noýabrda sanly ulgam arkaly «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly halkara maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.