Dictionary.com onlaýn sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

18.12.2022, 09:396,868

Amerikanyň Dictionary.com onlaýn sözlügi «woman» sözüni 2022-nji ýylyň sözi diýip saýlady diýip, sözlügiň saýtynda habar berilýär. Onuň wersiýasy boýunça bu söz «aýal jynsyndan bolan uly adam» diýmegi aňladýar.

Onuň ýylyň sözi diýip saýlanmagynyň sebäbi, «Dictionary.com saýtynda woman sözi boýunça gözlegler birnäçe esse ýokarlandy», Bu — wakalara jemgyýetiň uly gyzyklanmasy, şol sanda, aýal sözüniň manysy baradaky meseläniň milli derejede ýaňlanmagy  bilen baglydyr diýip sözlük belleýär.
2022-nji ýylda woman sözi boýunça gözlegleriň jemi sany, 2021-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende,  iki esse artdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.