JONY, Nýuşa, Dima Bilan, Mustafa Sandal we beýlekiler Aşgabatda konsert bererler

20.12.2022, 12:4867,157

Täze ýyl mynasybetli Aşgabatda dünýä belli ýyldyzlaryň konserti geçiriler. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär. 

Aşgabatlylara we paýtagymyzyň myhmanlaryna konsert berjekleriň arasynda ýurdumyza ilkinji gezek geljek russiýaly aýdymçy JONY bar. Onuň çykyşy 27-nji dekabra meýilleşdirilen.
Şeýle hem Russiýadan belli ýyldyzlar Nýuşa hem-de Dima Bilan konsert berer. Bu aýdymçylar öň hem ýurdumyza gelipdiler. Olaryň konserti 25-nji dekabra meýilleşdirilen.
Aşgabatda şeýle hem belli türk aýdymçylary Irem Deriçi hem-de Mustafa Sandal çykyş eder.

TmCars.info konsertleriň haçan hem-de näçe geçiriljekdigi barada maglumaty goşmaça habar berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.