Maýkl Blumberg «The Wall Street Jounal» gazetiniň neşir edijisini satyn almakçy bolýar

24.12.2022, 16:266,349

Amerikaly milliarder Maýkl Blumberg dünýäde öňdebaryjy maliýe maglumat agentlikleriniň biri we The Wall Street Journal gazetiniň neşir edijisi Dow Jones kompaniýasyny satyn almak mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada çeşmä salgylanýan Axios portaly anna güni ýazdy diýip, TASS habar berýär.

Axios-yň ýazmagyna görä, Dow Jones-i satyn alandan soň, milliarderiň Bloomberg LP kompaniýasy maliýe maglumat bazarynda iň iri oýunça öwrülip biler. Şol bir wagtyň özünde portal Blumbergiň heniz Dow Jones-i almak barada onuň enelik kompaniýasynyň eýesi Rupert Merdoga ýüz tutmandygyny we "resmi üçünji  taraplary, mysal üçin bankçylary, bu mümkinçiligiň bahasyny kesgitlemeklige çekip başlamandygyny" belleýär.
Şol bir wagtda, portalyň gürrüňdeş bolan işgäriniň maglumatlaryna görä, Blumberg The Washington Post gazetini satyn almagyň pikirini edýär, emma  munuň üçin neşiriň eýesi Jeff Bezosyň geleşige gyzyklanma bildirmegi gerek.  Çeşmäniň sözlerine görä, Blumberg, eger The Washington Post-y alsa, onuň aktiwleri bazaryň başga bir iri oýunçysynyň — The New York Times gazetiniň "aýgytly" bäsdeşi bolar diýip hasaplaýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.