Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl mynasybetli ýazan täze goşgusyny tanyşdyrdy

26.12.2022, 01:4944,435

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda Täze ýyl baýramy mynasybetli täze döreden goşgusyny okap berdi.

DOWAM BOLSUN!

Ýyllaryň hatar kerweni –
Goja dünýäň hakydasy.
Durmuş bir kitap ýalydyr,
Her ýyl – täze sahypasy.

Ýyldyrym deý ýüwrük atyň
Badynda gördüm ýyllary!
Ak bagtyň ak ýollaryna
Badalga gördüm ýyllary!

Asman - zemin arasy -
Giň dünýämiz parahat!
Güller açsyn gül Watan,
Köňüller bolsun rahat!

Doýma ýok ynsan ogluna
Durmuşyň şirin dadyndan!
Bezeýär uly dünýäni
Ýaz ýaly ýagşy adamlar.

Giň jahanda dostluk berkäp,
Şatlyk-gülki, owaz bolsun!
Türkmeniň döwletli ýoly
Ak geljege dowam bolsun!

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.