Türkmenistanda 2023-nji ýylda aspirantura, doktorantura we ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy

06.01.2023, 02:4123,378

Türkmenistanda 2023-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.

Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti 5-nji ýanwarda gol çekdi.
Bu resminama Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, lukmançylyk we medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini, edebiýatyny ylmy esasda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.