Naomi Osaka Australian Open-den çykdy

10.01.2023, 07:253,287

Awstraliýanyň Tennis boýunça açyk çempionatynyň (Australian Open) iki gezek ýeňijisi ýaponiýaly türgen Naomi Osaka 2023-nji ýylyň turnirinde çykyş etmez. Bu barada ýekşenbe güni ýaryşyň metbugat gullugy habar berdi.

"Naomi Osaka Australian Open-den çykdy. Biz ony küýsäris" – diýip, habarda aýdylýar.

Osaka 25 ýaşynda, ol Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň (WTA) reýtinginde 42-nji ýerde durýar. Onuň hasabynda guramanyň howandarlygynda ýedi tituly bar. Ýaponiýaly tennisçi «Uly tuwulganyň» ýaryşlarynda dört gezek — Australian Open-iň  (2019, 2021) we ABŞ-yň açyk çempionatynyň (2018, 2020) hersinde iki gezekden ýeňiji boldy. Osaka dünýäniň öňki birinji raketkasydyr.
Australian Open 16-29-njy ýanwar aralygynda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.