Bill Geýts haýsy smartfony ulanýandygyny aýtdy

17.01.2023, 08:4434,199

Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Bill Geýts gündelik durmuşynda Samsung Galaxy Z Fold 4 smartfonyny ulanýandygyny aýtdy. Bu barada amerikaly telekeçi Reddit platformasynyň ulanyjylary bilen gürrüňdeşlikde söz açdy.

Milliarder bu gajeti oňa Günorta Koreýa gezelenç eden wagty Samsung Electronics-iň prezidenti Li Je Ýonuň hut özüniň sowgat berendigini aýtdy. Geýts gajetde Outlook maglumatlar menejerinden we poçta müşderisinden, şeýle-de Microsoft-yň başga-da birnäçe programmasyndan işjeň peýdalanýandygyny belledi.
Şeýle-de, milliarder Samsung gurluşynyň displeýiniň möçberiniň planşet kompýuterini ulanmaga zerurlyk döretmezden birnäçe ýumuşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýändigini belledi.
Samsung Galaxy Z Fold 4 2022-nji ýylyň awgust aýynyň ortalarynda ilkinji gezek görkezildi. Smartfonyň işine sekiz ýadroly Snapdragon 8+ Gen 1 çipseti we 12 Gb operatiw ýat jogap berýär. Açylan ýagdaýynda iki displeýiň umumy diagonaly 7,6 dýuýma ýetýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.