Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçiriler

28.01.2023, 08:529,795

28-nji ýanwarda, şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçiriler. Döwletimiziň işjeň hem-de öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasynyň nobatdaky gurultaýynyň açylmagy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi.

«Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow ýaşlarymyzyň ykbalynda uly orun aljak bu gurultaýyň örän netijeli hem-de üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.