Donald Tramp saýlawlaryň öňüsyrasyndaky kampaniýasyna başlaýar

29.01.2023, 22:5322,806

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp şenbe güni saýlawyň öňüsyrasyndaky ilkinji mitinglerini geçirdi, ol iki aý mundan ozal prezident wezipesine dalaş etmek isleýändigini mälim edipdi.

Tramp şu wagta çenli öz partiýasynyň adyndan prezidentlige dalaşgär görkezilmegi üçin göreşmek niýetini yglan eden ýeke-täk respublikaçydyr. Şeýle-de bolsa, ýakyn aýlarda oňa çynlakaý bäsdeşleriň peýda bolmagyna garaşylýar.
Tramp häzirki döwlet baştutany Jo Baýdenden ýeňlip, 2020-nji ýylda  prezidentlige gaýtadan saýlanylmagyny gazanyp bilmedi.
ABŞ-da prezident saýlawlary 2024-nji ýylda geçiriler. Ondan öň demokratlar bilen respublikaçylaryň ikisi-de öz dalaşgär görkezjek adamlaryny saýlamaly bolarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.